Hytaýyň DJI kompaniýasy dünýädäki ilkinji gezek dron bilen Ewereste ýük ugradyp, bu ugurdaky synaglary üstünlikli amala aşyrdy. Bu synag dagyň günorta eňňidinde geçirildi. Sürüjisiz enjam takmynan, 6200 metr beýiklige galdy. “DJI FlyCart 30” atly dron geçirilen barlagda 15 kg ýüki 5300 metr beýiklikde ýerleşýän esasy düşelgeden, 6000 metr belentlikdäki C1 düşelgesine galdyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Bu enjam 8 sagatda geçilýän Khumbu buzlugynyň bu howply ýoluny bary-ýogy 10 minutda geçdi. Enjam bilen işlemek aňsat hem bolmady, ýoluň käbir bölekleri tolkunyň ýitmegine sebäp boldy. Geçirilen köp sanly synagdan soň ähli zat üstünlikli geçdi. Netijede, sowuk we ýelli howa şertlerinde dron kynçylyksyz uçmagy başardy. Şeýlelikde dron 6000 metre ýük daşap, bu ugurda rekord goýdy. Geçirilen synagyň täjirçilik alpinizmine uly täsir etmegine garaşylýar. Nepalyň hökümeti taslamany eýýäm goldady we ýüki dron arkaly dagyň günorta eňňidine daşamaga kömek etdi. Bu taslama geljekde dronlar arkaly dagyň belent nokatlaryna ýükleri ugratmakda halas ediş işlerini güýçlendirer, daşky gurşawy goramaga, aýratyn hem alpinizm pudagynyň durnukly ösmegine uly itergi berer.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.