Şu gün – 11-nji iýunda Malawiniň wise-prezidenti Saulos Çilimany hem-de onuň ýanyndaky dokuz adamy alyp barýan uçar heläkçilige uçrady.
“Wise-prezident, hormatly doktor Saulos Klaus Çilimany alyp barýan uçar şu gün irden Çikangawa jeňňeline gaçdy. Gynansak-da, uçardakylaryň hemmesi uçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy” diýip, Prezident administrasiýasynyň metbugat gullugy belleýär.
Malawiniň Prezidenti Lazarus Çakwera ýurtda milli ýas güni diýip yglan etdi we şu günden başlap jaýlanyş çäresine çenli ähli baýdaklaryň ýarysyna çenli aşak düşürilmegini tabşyrdy. Heläkçilige uçran uçarda wise-prezidentden başga-da, öňki birinji hanym Patrisi Şanil Muluzi hem bardy. Ol 1994-nji ýyldan 2004-nji ýyla çenli Malawiniň lideri bolan Bakili Muluziniň aýalydy.
Uçar 10-njy iýunda irden paýtagt Lilongwe şäherinden uçandan soň ýurduň demirgazygyndaky Mzuzu şäheriniň halkara howa menziline gonmalydy. Uçar howa ýagdaýy sebäpli howa menziline gonup bilmedi we paýtagta dolanmak üçin yzyna öwrülende radardan ýitip gitdi.
51 ýaşly Saulos Chilima 2014-nji ýylyň maý aýyndan bäri Malawiniň wise-prezidentiň wezipesini eýeläp gelýärdi.
Malawi Respublikasy Günorta Afrika sebitindäki ýurt. Günorta we günorta-gündogarda Mozambik, günbatarda Zambiýa we demirgazykda Tanzaniýa bilen serhetleşýär. Häzirki wagtda ýurduň ilaty 20 milliondan geçýär.