Russiýanyň Nižnyý-Nowgorog şäherinde BRICS+ ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirildi. Şu ýyl Russiýa halkara guramanyň döwürleýin başlyklygyny alyp barýar. Ýygnaga BRICS-e agza ýurtlar bilen bir hatarda oňa gyzyklanma bildirýän jemi ýigrimiden gowrak ýurduň daşary işler ministrleri gatnaşdy. Ýygnaga gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň käbirleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi.
BRICS 2006-njy ýylyň iýunynda Sankt-Petersburg halkara ykdysady forumynda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý döwletleriniň gatnaşmagynda esaslandyrylypdy. 2010-njy ýylda Günorta Afrikanyň goşulmagy bilen gurama gatnaşyjy ýurtlaryň iňlis dilindäki birinji harplaryndan emele gelen häzirki adyny aldy. Şu ýyl BRICS-e Müsür, Efiopiýa, Eýran we Birleşen Arap Emirlikleri hem goşuldy.
Ýene-de 30 töweregi ýurt bu gurama goşulmaga isleg bildirýär.