Ýene-de 3 günden başlanjak 17-nji Ýewropa çempionatynyň öňüsyrasynda toparlaryň ýoldaşlyk duşuşyklary dowam edýär. Şol duşuşyklary birinde Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Irlandiýa bilen duşuşdy. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda Portugaliýa 3-0 ýeňiş gazandy. Duşuşygyň ýollaryny 18-nji minutda Žoao Feliks bilen 50-nji we 60-njy minutlarda super ýyldyz Kristiano Ronaldo geçirdi. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Ronaldo karýerasy boýunça ýokary derejeli oýunlarda 1226-njy duşuşygy geçirip, bu ugurda dünýä rekordyny goýdy. Ol braziliýaly meşhur derwezesi Rojerio Seniň 1225 oýunlyk rekordyny täzeledi. Şeýle-de super ýyldyz 2 gezek tapawutlanmak bilen milli ýygyndydaky ýollarynyň sanyny 130-a ýetirip, öz rekordyny ösdürdi. Bu onuň milli topardaky 207-nji duşuşygy bolup, ol bu görkeziji boýunça-da özüne degişli rekordy ýokarlandyrdy.