11-nji iýunda belli sowet rus şahyry Arseniý Tarkowskiniň gyzy we režissýor Andreý Tarkowskiniň aýal dogany Marina Tarkowskaýa 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.
Marina Tarkowskaýa Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň roman-nemes dilleri bölüminiň agşamky bölüminde okady. Ilki “Russkiý ýazyk” neşirýatynda korrektor, soň bolsa redaktor bolup işledi. Ol “Aýnanyň bölekleri”, “Arseniý Tarkowskiý: setirleriň arasynda meniň ykbalym köýdi”, “Andreý baradaky ýatlamalar”, “Indi biziň täze salgymyz bar” ýaly kakasy we dogany baradaky ýatlamalar kitaplarynyň awtorydyr. Mariýa Moskwada “Tarkowskiniň öýi” muzeýiniň döredilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmandy.
“Şu gün Marina Arsenýewna Tarkowskaýa aradan çykdy. Bu meniň şahsy hasratym. Iň köne joram, meniň söýgüli awtorym dünýäden ötdi. Biz onuň “Aýnanyň bölekleri” atly ajaýyp kitabyny täzeden çap etmege ýetişdik. Ol bu kitaby eline alyp görmäge ýetişdi” diýip, edebiýat bilermeni Ýelena Şubina ýazdy.
Ýatlap geçsek, Marinanyň kakasy şahyr we terjimeçisi Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskiý (1907-1989) SSSR-iň döwlet baýragynyň, Türkmenistan SSR-niň döwlet baýragynyň (1971) we Garagalpak awtonom SSR-niň döwlet baýragynyň (1967) eýesidir.
Şeýle hem Marina belli sowet teatr we kinorežissýory, ssenariçisi; RSFSR-iň halk artisti, Lenin baýragynyň eýesi Andreý Tarkowsiniň (1932-1986) doganydyr.