“Lasiodyr” “Ýuwentusdan” soň “Milan” topary-da täze tälimçisini mälim etdi. Ozaldan belli bolan portugaliýaly Paulo Fonseka “Milan” klubunyň täze tälimçisi wezipesine bellendi. Stefano Pioliniň ornuna bellenen 51 ýaşyndaky tälimçi milanlylar bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Fonseka “Milandan” ýyllyk 3,5 million ýewro hak alar. Ol 2022-nji ýyldan bäri “Lill” toparyna tälim berýärdi. “Lillden” öň “Roma, ondan öňem “Şahtýor Donesk” toparynyň tälimçisi bolan Fonseka ýurdy Portugaliýada “Pasuş Ferreira”, “Porto”, “Braga” we karýerasynyň ilkinji ýyllarynda başga-da 4-5 kluba tälim berdi.

Fonseka “Porto” bilen Portugaliýanyň Super Kubogyny, “Braga” bilen Portugaliýanyň Kubogyny, “Şahtýor Donesk” bilenem 3 gezek Ukrainanyň çempionlygyny, şonça-da Ukrainanyň Kubogyny we 1 sapar Ukraianyň Super Kubogyny gazandy.