Gýoteborg uniwersitetiniň alymlar topary Meksika bilen Gawainiň arasyndaky Klarion Klipperton zolagyna 45 günlük ekspedisiýa amala aşyrdylar. Barlagyň dowamynda deňziň çuňlugynda ýaşaýan täze jandarlar tapyldy. Ekspedisiýanyň çäginde 3500 metrden 5500 metre çenli çuňluk barlanylyp, nusgalary ýygnamak we olary surata düşürmek üçin uzakdan dolandyrylýan enjamy ulandy. Bu tapyndylaryň arasynda käse görnüşli aýna meňzeş gubka bar. Bu jandaryň 15 müň ýyla golaý ýaşap biljekdigi mälim edildi. Şeýlelikde bu jandar Ýer ýüzünde iň uzak ýaşaýan jandar boldy. Mundan başga-da, alymlar haýal hereket edýän deňiz hyýaryny (goloturiý) hem tapdylar. Gözleg işlerine ýolbaşçylyk eden deňiz ekology Tomas Dalgreniň pikirine görä, bu sebitde ýaşaýan görnüşleriň 10%-den hem az bölegi öwrenildi.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.