Ýaponiýanyň “Obayashi Corporation” kompaniýasy Ýeriň orbitasyna barýan lifti gurmak baradaky meýilnamany yglan etdi. Bu barada “Science Alert” habar berýär. Bahasy 100 milliard dollar boljakdygy çaklanylýan bu ägirt uly taslama, takmynan 36 000 kilometr beýiklikdäki geostasionar orbita ýetýän gurluşy öz içine alar. Ägirt uly binalary gurmakdaky üstünlikleri bilen tanalýan bu meşhur kompaniýa taslamany durmuşa geçirmek üçin özlerinde zerur bolan bilimleriň we tehnologiýalaryň bardygyna ynanýar we bu lifti gurmak üçin berkligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýan uglerod nanoturbajyklaryny ulanmaklygy göz öňünde tutýar. Bu kompaniýa taslamany maliýeleşdirmeklige halkara hyzmatdaşlaryny çekmegi meýilleşdirýär. Liftiň gurluşyk işlerine geljek ýylda, ýagny 2025-nji ýylda başlap, 2050-nji çenli tamamlamaklygy meýilleşdirýär. Geljekde bu ägirt uly taslama adamlara raketa ulanmazdan, kosmosa syýahat etmäge mümkinçilik berer. Netijede, kosmosa uçuşlaryň bahasy ep-esli arzanlar. Şeýle hem bu taslama birnäçe tehniki we maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýratyn hem bu lifti tupan, ýyldyrym we ýer titremeleri zaýalap biler. Bu ýurtda bolsa ýylyň dowamynda 100-den gowrak ýer titreme bolýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy