Bütindünýä banky 2024-nji ýyldaky ykdysady ösüş çaklamasyny 2,6 göterime çykardy. Bu artyşa ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň täsir edýändigi mälim edildi. Täze çaklama ýanwar aýyndakydan 0,2 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, global ykdysadyýet geçen ýyldaky bilen deň bolar. Şeýle-de bolsa, maliýe edarasy geljek iki ýylda ösüşiň kadaly – 2,7 göterim boljakdygyny çaklaýar. Maglumata görä, dünýä ilatynyň we jemi içerki önüminiň 80 göterimini emele getirýän ýurtlaryň köpüsinde ösüş 2026-njy ýyla çenli pandemiýadan ozalky döwürdäkiden pes bolmagynda galar.
Myrat BAÝRAMGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.