Afrikanyň kenarýaka ýurdy bolan Senegal nebit öndürýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Kenardan 100 kilometr çemesi uzakdaky Sangomar nebit käninden nebit çykarylyp başlandy. Bu ýerde gurlan «ýüzýän» platformada her gün 100 müň barrel nebit öndüriler. Bu barada Awstraliýanyň «Woodside» kompaniýasy mälim etdi. Çuň suwly ýerde gurlan desgada 30 ýyllap nebit çykarylar. Bu ýerden 2014-nji ýylda nebit we gaz ýatagy tapylypdy. Taslamanyň 82 göterimi «Woodside», galan bölegi Senegalyň «Petrosen» kompaniýasyna degişli.
Mundan başga-da, Senegalyň Mowritaniýa bilen bilelikdäki taslamasynyň çäginde şu ýylyň ahyrynda suwuklandyrylan gaz önümçiligine başlanmagyna garaşylýar.
Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.