ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi «Apple»-iň bazar gymmaty ilkinji gezek 2018-nji ýylda 1 trillion dollardan geçipdi. Indi bolsa kompaniýanyň brend gymmaty hem
1 trillion dollardan geçip bu sepgide ýeten ilkinji kompaniýa boldy. «BrandZ»-niň sanawyna görä, «Apple»-iň brend gymmaty geçen ýyldakydan 15 göterim artyp, 1 trillion dollardan geçipdir. Bu ugurda «Google» (753 milliard dollar) ikinji, «Microsoft» (713 milliard dollar) üçünji bolupdyr. Hepdäniň başynda «Apple» smartfonlaryna bolan islegi ýokarlandyrmak maksady bilen emeli aň tehnologiýalaryny tanyşdyrypdy.
Baýrammyrat BERDIÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.