Hytaýyň raýatlary 2023-nji ýylda daşary ýurt syýahatlaryna 196,5 milliard dollar sarp edip, ABŞ-dan (150 milliard dollar) öňe geçdi. Bu barada BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UN Tourism) hasabatynda tassyklanýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Germaniýa (112 milliard dollar), Beýik Britaniýa (110 milliard dollar) we Fransiýa (49 milliard dollar) girdi. Ilkinji onluga bolsa, Kanadanyň, Italiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň we Günorta Koreýanyň ilaty girdi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Fransiýa dünýäniň 100 million syýahatçysyny kabul edip, dünýäniň iň köp barlan ýurdy boldy. Ispaniýa 85 million syýahatçyny, ABŞ 66 million syýahatçysy kabul edip üçünji orny eýeledi. Ondan soň Italiýa (57 million) we Türkiye (55 million) gelýär.
“UN Tourism”-iň hasabatyna laýyklykda, ýurtlar 2023-nji ýylda halkara syýahatçylygyndan 1,5 trillion dollar gazanypdyr, bu pandemiýadan öňki, 2019-njy ýyldaky görkeziji bilen belli bir derejede gabat gelýär. ABŞ syýahatçylykdan 176 milliard dollar, Ispaniýa 92 milliard dollar, Beýik Britaniýa 74 milliard dollar, Fransiýa 69 milliard dollar, Italiýa 56 milliard dollar gazanypdyr.