Hytaýda geçirilen giň gerimli sosiologik barlaglar bu ýurduň raýatlarynyň aglabasynyň elektron we kagyz kitaplaryň muşdagydygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Sosiologlar hytaýlylaryň döwrüň akymyna eýerip, elektron neşirlere has köp üns berip başlandyklaryny belläp geçýärler. Bir ýylyň içinde şeýle okyjylaryň sany alty göterim artan eken. Hünärmenler bu meýilleriň ýyl-ýyldan artjakdygyny çak edýärler.
Umumylykda alanyňda, häzir Hytaý dünýäniň iň köp okaýan ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Pikiri soralan Hytaýyň raýatlarynyň bäşden biri barlag geçirijileriň soraglaryna jogap berip, gije-gündiziň dowamynda okamaga azyndan bir sagadyny sarp edýändigini mälim etdiler. Bu bolsa, geçen ýylyň görkezijilerinden has ýokary bolup çykdy.
Sosiologlar ýene-de bir gyzykly ýagdaýyň üstünden bardylar. Geçirilen pikir soralyşyga laýyklykda, hytaýlylar kitap dükanlaryndan satyn alnan neşirleriň bahasyna aýratyn üns berýän ekenler. Şeýle hem olar satyn alan kitaplaryny ahyrky sahypasyna çenli doly okap çykýan eken. Bütin dünýäde bolşy ýaly uly ýaşly okyjylar nusgawy we many-mazmuna baý edebiýaty söýýärler, ýaşlar bolsa, göwnüňi göterýän, güýmeýän kitaplary halap okaýarlar.