Amerikaly meşhur aýdymçy Teýlor Swiftiň Ýewropa ýurtlaryndaky konsertlerine Birleşen Patyşalykda dowam etdirýär. Owadan aýdymçynyň konsertlerine isleg ýokary bolansoň, iri stadionlarda müňlerçe tomaşaçynyň öňünde geçirilýär. Swift konsert bermäge baran ýurdunyň ykdysadyýetine hem uly girdeji getirýär. Aýyň başynda Swift Şotlandiýada konsert berip başlady. Aýyň ahyrynda Uelsiň paýtagty Kardiffde hem-de Londonda konsert berer. Bu konsertlere tomaşa etmek üçin daşary ýurtlardan hem müňlerçe muşdagy bu ýurda barýar. Netijede, ummasyz mukdarda pul hem ýurda girýär. Bu ýagdaýyň Angliýanyň Merkezi bankynyň hümmetsizlenmek bilen göreşmek maksady bilen göterimi peseltmek baradaky kararyny yza süýşürip biler. CNBC ýaýlymynyň habaryna Teýlor Swiftiň ýüz müňlerçe muşdagy onuň konsertlerine tomaşa etmek üçin ýurduň şäherlerine barýar. Köp sanly adamyň sarp etjek puly ýurduň Merkezi bankynyň göterim babatdaky kararyna täsir edip biler.
Swiftiň konsert berjek şäherlerinde myhmanhanalaryň bahasynyň hem gymmatlandygy mälim edildi. Angliýanyň “Barclays” maliýe edarasy konsertleriň iňlis ykdysadyýetine 1 milliard funt sterling goşant goşmagynyň çaklanylýandygyny mälim etdi.