Futbol boýunça milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy ýaryş hasaplanýan Kopa Amerika – Günorta Amerikanyň çempionaty ABŞ-da geçiriler. Soňky çempion Argentina bilen Kanadanyň arasyndaky duşuşyk 48-nji Kopa Amerika ýaryşynyň ilkinji oýny bolar. Duşuşyk daňdan 05:00-da başlanar. Çempionata 16 ýygyndy – Günorta Amerikanyň ähli topary (10) bilen bilelikde, Demirgazyk Amerikadan hem 6 ýygyndy wekilçilik edýär. “A” toparçada soňky çempion Argentinanyň, Perunyň, Çiliniň, Kanadanyň, “B” toparçada Meksikanyň, Ekwadoryň, Wenesuelanyň, Ýamaýkanyň, “C” toparçada ýer eýeleri ABŞ-nyň, Urugwaýyň, Panamanyň, Boliwiýanyň, “D” toparçada-da Braziliýanyň, Kolumbiýanyň, Paragwaýyň hem-de Kosta Rikanyň ýygyndylary duşuşar. Toparçalardaky duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 03:00-da, 05:00-da hem-de 06:00-da başlanar.

Her toparçada 1-2-nji orny eýelänler ýaryşy dowam eder. Çärýek finalyň oýunlary 5-6-7-nji iýulda, ýarym finalyň duşuşyklary 10-njy we 11-nji iýulda oýnalar. 3-nji ýer üçin duşuşyk 14-nji iýulda oýnalsa, final 15-nji iýulda geçirilip, 48-nji Kopa Amerikanyň çempiony belli bolar.

Soňky çempion Argentinanyň ýygyndysy çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hasaplanyp, tälimçi Skalini düzüme Messi, Di Mariýa, Martines ýaly ýyldyzlary çagyrdy. 2-nji iň esasy dalaşgär Braziliýa hasaplanyp, olaryň düzüminde Winisius Junior, Rodrigo dagy bar.

IŇ KÖP ARGENTINA HEM-DE URUGWAÝ ÇEMPION BOLDY

Ilkinji gezek 1916-njy ýylda geçirilen milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy futbol ýaryşy – Kopa Amerikada Urugwaýyň hem-de Argentinanyň ýygyndylary 15 çempionlyk bilen öňde barýarlar. Argentinler 14 gezek, Urugwaý 5 sapar finalda ýeňildi. Braziliýanyň ýygyndysy 9 gezek çempion bolup, olar 12 saparam kümüş medaly eýeledi. Paragwaýdyr Çiliniň, Perunyň 2, Boliwiýanyň hem-de Kolumbiýanyň 1 çempionlygy bar. Günorta Amerikanyň 10 ýygyndysyndan diňe Wenesuela hem-de Ekwadoryň ýygyndysyna çempionlyk gazanmak başartmady.

48-nji gezek geçirilýän ýaryşa Urugwaý 46-njy, Argentina 44-nji, Çili 41-nji, Paragwaý 39-njy, Braziliýa 38-nji sapar gatnaşýar.

Dürli ýyllarda, dürli formatlarda geçirilen bäsleşige 1990-njy ýyldan soň Aziýadyr Demirgazyk Amerikanyň ýygyndylary hem çagyrylyp başlandy. Myhman topar hökmünde gatnaşýan Meksikanyň ýygyndysy 1993-nji hem-de 2001-nji ýylda finala-da çykypdy. Meksika 11-nji, Kosta Rika 6-njy, ABŞ 5-nji gezek Kopa Amerikada çykyş eder. Aziýadan Ýaponiýa 2, Katar 1 gezek gatnaşypdy.

21-nji iýun (anna) 5:00 Argentina – Kanada
22-nji iýun (şenbe) 5:00 Peru – Çili
23-nji iýun (ýekşenbe) 3:00 Ekwador – Wenesuela
23-nji iýun (ýekşenbe) 5:00 Meksika – Ýamaýka
24-nji iýun (duşenbe) 3:00 ABŞ – Boliwiýa
24-nji iýun (duşenbe) 6:00 Urugwaý – Panama
25-nji iýun (sişenbe) 3:00 Kolumbiýa – Paragwaý
25-nji iýun (sişenbe) 6:00 Braziliýa – Kosta Rika
26-njy iýun (çarşenbe) 3:00 Peru – Kanada
26-njy iýun (çarşenbe) 6:00 Çili – Argentina
27-nji iýun (penşenbe) 3:00 Ekwador – Ýamaýka
27-nji iýun (penşenbe) 6:00 Wenesuela – Meksika
28-nji iýun (anna) 3:00 Panama – ABŞ
28-nji iýun (anna) 6:00 Urugwaý – Boliwiýa
29-njy iýun (şenbe) 3:00 Kolumbiýa – Kosta Rika
29-njy iýun (şenbe) 6:00 Paragwaý – Braziliýa
30-njy iýun (ýekşenbe) 5:00 Argentina – Peru
30-njy iýun (ýekşenbe) 5:00 Kanada – Çili
1-nji iýul (duşenbe) 5:00 Meksika – Ekwador
1-nji iýul (duşenbe) 5:00 Ýamaýka – Wenesuela
2-nji iýul (sişenbe) 6:00 ABŞ – Urugwaý
2-nji iýul (sişenbe) 6:00 Boliwiýa – Panama
3-nji iýul (çarşenbe) 6:00 Braziliýa – Kolumbiýa
3-nji iýul (çarşenbe) 6:00 Kosta Rika – Paragwaý