Berkarar Türkmenistan döwletimiz mineral suwlara iňňän baý ýurtlaryň biridir. Köpetdagyň, Köýtendagyň şana şypaly jülgelerinde, Hazaryň kenarýaka ýerlerinde, hatda adaty düzlik ýerlerde-de ýodly-bromly, derman suwlaryna, palçygy endam saglygy üçin ýaramly çeşmelere köp gabat gelinýär.
Ýurdumyzda meşhur bolan jana melhem suwly “Arçman”, “Mollagara”, “Farap” şypahanalary, bahar-ýaz aýlarynda täsin güneşi melhem “Baýramaly” şypahanasy indi ençeme ýyllardan bäri raýatlarymyza, uzak ýerlerden gelýän myhmanlara hyzmat edip gelýär.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýakyndan alada etmeginde tebigatymyzyň iň gözel künjeklerinde täze binaly, ýaşalýan otaglary amatly, bejeriş korpuslaryna häzirki zamanyň iň kämil anyklaýyş, bejeriş, sport enjamlary oturdylan “Ýyly suw”, “Daşoguz”, “Berzeňňi” şypahanalary gurlup, ulanylmaga berildi. Ýokarda ady agzalan öňki şypahanalarda täze korpuslaryň binalary guruldy. Ähli şypahanalaryň daş-töwereginde dürli saýaly baglar oturdyldy. Maşk edilýän meýdançalar, ýöriş ýodalary, daga çykylýan basgançaklar dynç alýanlarda çuňňur kanagatlanma döredýär.
Milli Liderimiz tarapyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynda öňe sürülýän meselelere, ýerli ilaty şypahanalarda bejermäge, täze sagaldyş-bejeriş edaralaryny gurmaga, hereketdäki şypahanalaryň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Türkmen halkynyň şypahanalara bolan islegi ýyl-ýyldan artýar. Hereketdäki şypahanalaryň üstünlikli işlemegi we olaryň sanyny köpeltmekde mineral suwlaryny sebitlerde gözlemek hem-de olaryň täze çeşmelerini ulanmak meseleleriň uly ähmiýeti bar. Bu babatda mineral bejeriş suwlary derňemek hem-de olary täze gurlan we guruljak bejeriş-sagaldyş şypahanalary üçin ulanmak örän möhümdir.
Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan mineral bejeriş suwlaryň dürli kysymlaryny we toparçalaryny, olaryň raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde peýdalanylyşyny, esasy ýataklaryny we tebigy ýüze çykmalaryny, genç-baýlyklarynyň sebitleýin ýerleşişini hemmetaraplaýyn gözlemekden, olarda ylmy-barlag işlerini geçirmekden ybaratdyr. Bizde mineral suwlaryň döreýşiniň we ýaýraýşynyň sebitleýin aýratynlygyny anyklaşdyrmak, olary şypahanalarda we şypahanalardan daşarda ulanylmagynyň geljegine baha bermek babatynda ençeme işler amala aşyryldy.
Bu suwlaryň toparynda içmäge ýaramly, duzlulygy 10-15 g/dm3-den ýokary bolmadyk we düzüminde süýji suw bilen garylandan soň hem bromy 25 mg/dm3-dan, ýody 5 mg/dm3-den az bolmadyk mukdarda saklaýan suwuň bardygy anyklanyldy. Bu suwlar damar we nerw kesellerini bejermekde ulanylýar. Şeýle suwlar, adatça, çuň ýerleşen artezian çuňluklarynda duşýar. Olardaky şypaly suwuň düzümi hlorly-natrili ýa-da kalsili bolup, duzlulygy 10-dan 540 g/dm3-ä çenli ýetýär. Bu oňyn ýagdaý biziň bu künjegimiziň bejeriş kuwwatynyň Demirgazyk Kawkazyň Kislowodsk, Železnowodsk, Esentuki şäherlerindäki şypahanalardan pes däldigini aňladýar.
Günbatar Türkmenistanda şypahana pudagy üçin gelejegi uly bolan bromly-ýodly ýerasty suw ýatagynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda-da bardygy iňňän guwançly hadysadyr. Bu ýerde deňiz kenary ýalpak, uzynlygy birnäçe kilometre we ini 10-15 metre ýetýän ajaýyp çägeli plýaž bar. Howanyň ýylylygynyň ýokarylygy we Gün şöhlesiniň bollugy deňiz suwunyň çalt gyzmagyna ýardam berýär. Deňziň suwunyň duzlulygynyň ortaçadygy onuň saglyk üçin ýaramlydygyna şaýatlyk edýär.
Golaýda, has takygy, 7-nji noýabrda Arkadag Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary mahalynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy bilen tanyşýarka, ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän, geljek ýylyň baharynda ulanylmaga beriljek “Awaza” şypahanasynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan 9 gatly bu ak mermer binada birbada 200 adamy kabul etmek göz öňünde tutulýar. Ajaýyp binada bejeriş, dynç almak üçin amatly iki adamlyk 96 otagyň, lýuks otaglaryň 8-siniň bardygy, merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleriniň dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilendigi “Awaza” şypahanasynyň geljek ýyllarda bagtyýar raýatlarymyzyň iň arzyly ýerine öwrüljekdigine güwä geçýär.
Tejribeli lukman Prezidentimiz ýod-bromly suwlaryň bejeriş usulynyň, ýod ionlarynyň hem-de bromyň deriniň üsti bilen bedene aralaşmagynyň suwuň mineral düzümine, gyzgynlygyna baglydygyny belledi. Bu merkezdäki suwda işjeň düzümleriň bedene täsir etmegine şert döredýän natriý hlory bar. Lukmançylyk maglumatlaryna görä, 10 minutlyk bejergi wagtynda deriniň üsti bilen bedene ýoduň 140-190 mikrogramy we bromuň 0,28-0,3 mikrogramy aralaşýar. Ýoduň we bromuň farmakologiýa aýratynlyklary netijesinde, ýod-bromly suwlar merkezi nerw ulgamynyň, gan aýlanyş agzalarynyň, galkan görnüşli mäzleriň işleýşine oňaýly täsir edýär. Döwlet Baştutanymyz ýod-bromly suwlaryň peýdalanylmagynyň adamyň özüni duýşuny gowulandyrýandygyny, kellagyryny, ukusyzlygy, ýüregagyryny aýyrýandygyny bellemek bilen, bu ugra degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da ünsi çekdi.
Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyzyň bagtyýar döwürde sagdyn ýaşamagy üçin edýän uly aladalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiziň adam saglygyny goramak we berkitmek babatynda dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigine şek-şübhe ýokdur.
Güljan GURDOWA,
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy.