Döwletimiziň milli baýlygy bolan ak bugdaý oragyna köpçülikleýin girişilen pursatlarynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň şeýle-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmenleriň gatnaşmagynda Çärjew etrap galla kabul ediş nokatlarynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Çärjew etrap galla kabul ediş nokadynyň işgärleri hünärmenleri şeýle-de etrabyň galla oragyna dahylly bolan edara-kärhanalaryndan, daýhan birleşiklerinden, awtoulag bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsyzlygynyň №521 bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri çykyşlar edilip, ýangyn howpyndan goramak, ýangynyň döräp biläýjek sebäpleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi.
Tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylýan ýangyn howply çäklerinde hyzmat edýän awtoulaglaryň sürüjilerini ulaglaryň tüsse çykaryjylarynyň ýörite serişdeler bilen üpjün edilmegi talap edildi.
Okuw maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän ak bugdaýy ýangyn howpundan goramak baradaky işleri wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.
Hünärmenleriň dürli mowzuklarda eden çykyşlary bolsa maslahatyň täsirliligini artdyrdy. Şeýle okuw maslahatyny möwsümiň dowamynda ýygy-ýygydan geçirmek meýilleşdirildi.
Maksat Hajyýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.