Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da do­wam ed­ýär. Hal­ka­ra sport we beý­le­ki bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýän ýur­du­na uly gir­de­ji ge­tir­ýär. Bu ýag­daý Ger­ma­ni­ýa­da hem şeý­le. Ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry «Euro 2024» fut­bol çem­pio­na­ty­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na gir­de­ji­si­niň 1 mil­liard ýew­ro bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Bu ba­ra­da Mýun­hen­dä­ki Ifo yk­dy­sa­dy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty ha­bar ber­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, myh­man­ha­na we azyk se­na­ga­ty da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan iň köp gir­de­ji ga­za­nan pu­dak­lar bo­lar. Ins­ti­tu­tyň bi­ler­men­le­ri 2006-njy ýyl­da ýurt­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, ha­sap­la­ma ge­çi­rip­dir­ler. Fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň geçirilýän döw­rün­de 600 müň­den gow­rak sy­ýa­hat­çy myh­man­ha­na­lar­da 1,5 mil­li­on orun­lyk goş­ma­ça ýer­de dynç alar­lar.

Gur­ban NA­ZA­ROW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Kö­pet­dag et­rap ka­zy­ýe­ti­niň ka­zy­ýet ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­si.