Notr-Dam binasy Parižde guraljak Olimpiýa oýunlaryna çenli doly dikeldilip ýetişmez. Ýöne Fransiýanyň häkimiýetleri ybadathananyň dekabr aýynda täzeden açyljakdygyny habar berdiler. Bäş ýyl ozal Fransiýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlaryndan biri Notr-Damda güýçli ýangyn döräp, onuň agaç üçegini, sagadyny we gümmezini doly ýok edipdi.
Kasaň bina şu ýylyň dekabr aýynda hemmeler üçin açyk bolar diýlip garaşylýar. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ybadathananyň bellenen möhletde dikeldiljekdigini aýtdy. Fransuz häkimiýetleri Notr-Damyň abatlaýyş işleriniň bäş ýylyň içinde tamamlanjakdygyny söz berdiler. Bilermenler 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde ybadathanada dörän ýangynyň sebäplerini gözleýärler. Ýakyn günlerde bilermenleriň täze netijeleri hödürlener.
Fransuz resmileriniň pikiriçe, Notr-Dam binasynyň durkunyň täzelenmegi çalt depginde alnyp barlyp, häzir ol ýerde abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Daş diwarlar we mermer düşelen pollar öňki katdyna getirildi. Şeýle hem, 33 metr beýiklikde, ybadathananyň gümmezinde tamamlaýjy işler gutaryp barýar. XIX asyrda ybadathanany abatlan arhitektor Wiolle-le-Dýuka tarapyndan döredilen “Eli bäbekli Bibi Merýem” atly polotno öňki ýerinde goýuldy. Notr-Dam binasy 8-nji dekabrda köpçülige açylar, ýöne Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar we myhmanlar ajaýyp gurluşy içerden görüp bilmezler.