Geliň, ilki bilen, “jürjan” sözüne nazar aýlalyň. Jürjan demirgazyk Eýranda türkmenleriň ýaşaýan welaýatyndaky Gürgen şäheriniň öňki adydyr. Gadymy ýazgylara ser salanymyzda, bu ýeriň irki döwürlerde Jürjan ady bilen giňden meşhur bolandygyna göz ýetirýäris. Taryhy maglumatlara görä, bu töwereklerde ýaşaýan türkmenler örän gadymy wagtlardan bäri çarwaçylykdan oturymlylyga geçip, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Jürjan irki hem orta asyrlarda möhüm söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşenligi sebäpli, dünýäniň beýleki künjeklerinde hem tanalypdyr. Bu ýerde görnükli şahyrlaryň, alymlaryň ençemesi ýetişipdir. Olaryň arasynda uly lukmançylyk ensiklopediýasynyň awtory Seýit Ysmaýyl Gürgenli lukmançylyga degişli ençeme eserleri döredipdir.
XI asyrda ýaşap geçen görnükli türkmen alymy Seýit Ysmaýyl Gürgenli “Zariýa”, “Horezimiň şasy”, “Horezm şanyň sermaýasy” ýaly meşhur eserleri bilen bütin dünýäde äşgär tanalypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen okyjylary Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçilik ýan kitaby” atly eserini türkmen dilinde okamaga mümkinçilik aldylar. 1057-nji ýylda Gürgende dünýä inip, 1137-nji ýylda 80 ýaşynda, gadymy Merwde aradan çykan Gündogaryň beýik şahsyýeti Seýit Ysmaýyl Gürgenli öz döwrüniň şalary Tekeşiň hem-de Atsyzyň köşk lukmany bolupdyr.
Beýik şahsyýetiň “Tebipçiligiň ýan kitaby” atly eseri keselleri anyklamakda, bejermekde bahasyna ýetip bolmajak diwandyr. Bu eser Lukman Hekimiň, ýagny, Abu Aly Ibn Sinanyň “Tebipçiligiň kanunlaryndan” soň, tebipçiligiň iň ygtybarly ýygyndysy hasaplanýar. Kitapda iki ýüz töweregi keseliň alamatlary barada gürrüň edilýär. Olary dürli melhemler, emler bilen bejermegiň ýollary salgy berilýär. Kitabyň gymmatly taraplarynyň biri-de, salgy berilýän melhemleriň düzümine girýän topalak, çyrmaşyk, göýül, sersepil, merjimek, zirk, mamaçörek ýaly ot-çöpleriň aglabasynyň mähriban diýarymyzda bitýänligidir.
Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Zehire” eseri tebipçilige degişli gutarnykly tutuş bir döwri öz içine alýar. 10 jiltden ybarat bolan bu eserde dürli keseller – hylytlar hakda, ýagny, maddalar, beden agzalary, saglygy goramagyň ähmiýeti, ten keselleri, ruhy keseller, bedenden çykýan maddalar, dürli howa we ýaşaýyş şertlerinde saglygy gorap saklamagyň ýollary hakynda giňişleýin söhbet açylýar. Şunuň bilen birlikde, eserde tagam, uky we oýalyk, hereket, asudalyk, lybaslar, atyrdyr ýaglary, dermanlary özüňe ýaramly edip ulanmak, kelleden we endamyň başga ýerlerinden gan aldyrmak hakda hem maglumat berlipdir. Şeýle hem bu eserde içiňi ýuwmak, şem goýmak, çaga terbiýesi, garrylara seretmek ýaly möhüm meseleler gozgalýar. Kelleden dabanyňa deňeç adamda döreýän keselleriň sebäplerini we alamatlaryny anyklamagyň usullary salgy berilýär. Bu ajaýyp kitap çişleriň we ýaralaryň bejerilişi, ot basmak, süňkleriň döwülmegi we çykmagy, zäherlenmegiň we ony bejermegiň görnüşleri, zähere garşy ulanylýan dermanlar barada giň düşünje berýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu eser tebipçilik ylmy we hünäri barada doly okuw maglumatlaryny özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli işlerde Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň miras galdyran eserleriniň gymmaty diýseň uludyr. Ol eserler biziň her birimiz üçin egsilmez çeşmedir.
Tirkiş Baýramow, Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.