Dünýäde 7,5 milliard töweregi ilat bolup, olar dürli halklaryň, halkyýetleriň wekilleridir. Her bir milletiň özüne mahsus dili, medeniýeti bolýar. Her adam üçin ene dilinden başga dili öwrenmek uly ähmiýete eýedir. Sebäbi diňe başga dil däl, eýsem, onuň medeniýeti hem öwrenilýär. Şol sebäpli beýleki halklar bilen dürli gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak üçin hökman dil öwrenmeli. Häzirki wagtda, esasan hem, dünýäde iňlis, hytaý, ispan, arap dilleri has ýörgünlidir. Geçen asyryň ortalaryna çenli fransuz dili halkara derejesinde ýörgünli dilleriň hatarynda bolupdyr. Günorta Amerika ýurtlarynyň aglabasynda bolsa, ispan dili köp ýyldan bäri öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Dünýäde 3000-den gowrak dil bar. Emma olaryň köpüsinde gepleşýän adamlaryň sany o diýen köp däl. Dünýä ilatynyň ýarysy bar bolan dilleriň 15 göteriminde gürleşýär. Iň köp gepleşilýän dil bolsa, Hytaýdaky we käbir uzak Gündogar ýurtlaryndaky mandarin dilidir. Ýazuw diliniň bütin Hytaýda birmeňzeşdigine garamazdan, halkyň 70 göterimi mandarinçe gepleşýär. Afrika ýurtlarynda bolsa, 1000 töweregi dil bar. Emma 1 milliondan köp adamyň gepleşýän dilleriniň sany 30-dan köp däl. Hindistanda bolsa, 800-den gowrak dilde gepleşýän halkyýet ýaşaýar.