Zehiniňi kämilleşdirmek, pikirlenmegi ösdürmek üçin dürli oýnawaçlar we güýmenjeler bar. Şeýle oýnawaçlaryň biri hem pazzldyr. Häzirki wagtda pazzlyň dürli ýaşly çagalara niýetlenen ýüzlerçe görnüşi bar. Ilkinji pazzl 1763-nji ýylda Angliýada peýda bolýar. Londonda çap edilen bir kitapda geografiýa dersini özleşdirmek maksady bilen tagta bölejiklerinden emele gelen kartany döreden Jon Spilsberi barada söhbet açylýar. Kiçi agaç bölejiklerinden emele gelen bu karta böleklerden ybarat ilkinji tapmaça hasaplanýar. Bu pazzlda bölekler dogry birleşdirilende Beýik Britaniýa adasy peýda bolýan eken. Jon Spilsberi 1767-nji ýylda bu kartanyň reňkli nusgasyny ýasadypdyr. Onuň asyl nusgasy häzirki wagtda Hannas kolleksiýasynda saklanýar we her şäher aýratyn tagtajykdan ýasalan. Surat dersinden mugallym bolan Spilsberi dürli şäherleriň we ýurtlaryň jemi 30 sany kartasyny döredipdir. Şol asyryň ahyrlarynda dürli görnüşli suratly pazzlar hem ýasalyp başlanypdyr. Hannas kolleksiýasynda 1790-njy ýyllardan galan birnäçe pazzl bar.
Pazzl – dürli bölejikleriň birleşdirilmegi bilen emele gelen suratly tapmaça bolup, onuň çylşyrymlylyk babatda örän köp görnüşi bar. 50-den 3000-e çenli bölekden ybarat pazzllar hem bar. Şeýle hem üç ölçegli ýagny binalary emele getirip bolýan pazzllar bolýar. Mundan başga-da, kubik görnüşli her tarapyndan başga şekil emele getirip bolýan oýnawaçlar hem bar. Adaty pazzllar ýasalanda, ilki onuň daşy emele getirilse, içindäki bölekleri ýerli ýerine goýmak aňsat bolýar.