Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi 8-nji iýulda iki ýurduň gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen Moskwa sapar eder. Bu barada Hindistanyň gündelik gazeti “The Tribune” habar berdi.
Neşiriň belleýşi ýaly, Hindistanyň Premýer-ministriniň Russiýa sapary möhümdir, sebäbi bu Modi hökümete üçünji möhlete ýolbaşçylyk edeninden gysga wagt soň, şeýle hem mart aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gaýtadan saýlanandan soň amala aşyrylar.
“The Tribune” gazetiniň habaryna görä, saparyň gün tertibinde Hindistanyň strategiki bähbitleri agdyklyk eder, sebäbi iki ýurt hem çalt üýtgeýän dünýä tertibinde täze hyzmatdaşlygy gözleýär.
Gazet Modiniň soňky gezek 2019-njy ýylda Russiýanyň Wladiwostok şäherine bolandygyny ýatlady. Şeýle hem Modi 2015-nji ýylda Moskwa gelipdi.