Ummandyr deňizlerde şeýle bir köp ösümlik we jandar ýaşaýar welin, olar gury ýerdäkiden hem köp ýaly. Suwasty dünýäsiniň täsin jandarlarynyň biri hem sekiz aýakly osminogdyr. Osminoglaryň hem dürli görnüşleri bolup, olar reňki, ululygy we beýleki aýratynlyklary babatda bir-birinden tapawutlanýar. Bu jandarlaryň bir görnüşiniň has üýtgeşik häsiýeti bar. Ol beýleki jandarlara öýkünmegi bilen tapawutlanýar. Hatda olar reňkini, daşky şekilini hem üýtgedip bilýärler. Geçirilen ylmy barlaglar esasynda bu osminogyň (“Thaumoctopus mimicus”) 15 jandara meňzäp bilýändigi anyklanyldy. Osminog başga jandarlara meňzemek arkaly öz duşmanlaryndan goranýar. Ol beýleki jandarlaryň gorkýan meduza, deňiz ýylany ýaly birnäçe suw ýaşaýjylaryna meňzäp, özüni goraýar. Olar gizlenmäge-de örän ökde bolýar. Guwwaslar daşky şekili ýaşaýan ýeriniň florasyna meňzeş bolansoň ony saýgarmakda kynçylyk çekýärler. 1990-njy ýylda anyklanan öýkünjeň osminog, 1998-nji ýylda osminogyň aýratyn görnüşi hökmünde hasaba alyndy. Oňa haýsydyr bir howp abananda, bedeniniň köp bölegini çalasynlyk bilen guma gömýär we reňkini üýtgedýär. Öýkünjeň osminoglar iýmit babatda has baý bolan çuňluklarda, deňiz kenaryndan has uzakda ýaşaýarlar.