Tomus paslynda adamlar haýsydyr bir şähere gidip, dynç almagy meýilleşdirýärler. Gidilmegi meýilleşdirilýän şäher ýerleşýän ýerine, myhmanhana hyzmatlaryna we tebigatyna görä saýlanýar. Esasan hem, syýahatçylar tomus paslynyň yssy günlerini dynç alyş kenarlary bolan şäherlerde geçirmegi gowy görýärler. Käbir şäheriň bir kenaryny deňiz ýuwýan bolsa, käbir şäher deňziň içinde ýerleşýär. Şeýle şäherleriň biri hem Maýami Biçdir.
«Güneşli ştatyň» günortasyna – dynç alyş kenarlaryň merkezi Maýami Biç şäherine hoş geldiňiz! Florida ştatynyň günortasyndaky ada şäheri ak çägeli owadan kenarlary bilen syýahatçylary özüne çekýär. Maýami Biç demirgazyk kenarýaka, orta kenarýaka we iň meşhury günorta dynç alyş kenary ýaly 3 sany dynç alyş merkezini özünde jemleýär. 143 müň inedördül kilometr meýdany tutýan Maýami Biç binagärlik gurluşygy bilen hem görenleri haýran galdyrýar. Bu şäherde deňiz arhitekturasynyň owadan nusgalaryny görmek bolýar. «Okean Drive» köçesiniň ugrundaky restoranlarda açyk howada naharlanmak, «Wynwood Walls» sungat meýdançasynda aýlanmak, «Jungle Island» suw seýilgähinde gaýykly gezelenç etmek, «Erkinlik diňi» binasyndaky muzeýi gözden geçirmek, amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň ýaşan öýüne barmak syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
1915-nji ýylyň 26-njy martynda döredilen Maýami Biç şypahana şäheri hökmünde tanalýar. 1979-njy ýylda Maýami Biçiň «Art Deco» etraby taryhy ýerleriň milli sanawyna girizildi. Latyn Amerikasynyň we Karib deňzi ýurtlarynyň täsiri netijesinde Maýami Biçde özboluşly däp-dessurlar hem-de medeniýetler emele gelipdir. Maýami Biçde her ýylyň iýun aýynda hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Art Bazel» festiwaly geçirilýär. Medeniýet we sungat adamlarynyň iň gelim-gidimli ýerine öwrülýän festiwalda heýkeldir kartinalardan başlap, 3 ölçegli sungata degişli birnäçe nusgalar köpçüligiň dykgatyna hödürlenýär. Şäheriň Bal Harbour etraby hem sungatyň we söwda dükanlarynyň ösen merkezi hasaplanýar.
Güneşli ştatyň ada şäheri gijesine has-da owadan görünýär. Maýami Biçiň ak kenarlaryna her ýyl millionlarça syýahatçy gelýär. Ada şäherinde ösen aşhana hyzmatlaryny hödürleýän «Mişelin» ýyldyzly restoranlaryň birnäçesi bar. Şäherde 44 sany seýilgäh, 2 sany golf meýdançasy, 2 tennis merkezi, şäheriň bir çetinden beýleki çetine barýan suw ýoly, köp sanly howuz we buzly meýdançalar bar.
Maýami Biç «Scarface» (1983 ý.) filminden we «Guşlar» (1996 ý.) komediýasyndan soň meşhur şäherleriň birine öwrülýär.