Şu gün – 28-nji iýunda Eýranda geçirilýän Prezident saýlawlaryna ses berişlik üçin saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 08:00-da açyldy.
Yslam Respublikasynyň saýlaw ştabynda saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagynyň 18.00-a meýilleşdirilendigini, ýöne zerur bolsa, uzaldylmagynyň mümkindigini habar berdi. Eýranyň içeri işler ministri Ahmed Wahidi bu saýlawlarda howpsuzlyk meselesine köp üns berilýändigini aýtdy. 180 müň töweregi hukuk goraýjy işgär saýlaw uçastoklaryndaky tertibi üpjün edýär.
Dalaşgärlikleri ilki Eýranyň Konstitusiýasynyň goragçylar geňeşi tarapyndan tassyklanan alty syýasatçynyň dördüsi prezidentlik bäsleşigine gatnaşýar. Wise-prezident Amir Hoseýin Gazizade Haşeminiň 26-njy iýunda konserwatorlaryň peýdasyna dalaşgärligini yzyna alýandygyny yglan edeninden soň, Tähranyň häkimi Alireza Zakani 27-nji iýunda şuňa meňzeş karar berdi. Ol konserwatiw ganatdan iki esasy dalaşgäri – mejlisiň başlygy Muhammet Bager Galibafy we Respublikanyň Howpsuzlyk Geňeşindäki ruhy lideriň wekili Said Jalilini goldap çykyş etdi. Olardan başga-da, bäsleşikde içerki işler we adalat ministrliginiň öňki başlygy Mostafa Purmohammadi we reformaçy toparyndan ýeke-täk dalaşgär – öňki saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan bar.
Ses berişlige 18 ýaşdan we ondan uly Eýran raýatlary gatnaşyp bilerler. Ses berişligiň tertibi Eýranyň içinde we beýleki ýurtlarda, takmynan, 90 müň nokatda geçiriler. Saýlaw merkezleri 99 ýurtdaky 138 wekilhanada göz öňünde tutulan. Ilkinji ses berişligiň netijeleriniň 29-njy iýunda günortandan öň yglan edilmegine garaşylýar.