Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Maksim Ryženkowy ýurduň täze daşary işler ministri wezipesine belledi. Bu barada ýurduň “BELTA” habarlar gullugy habar berdi.
Mundan öň Maksim Ryženkow Belarusyň Prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary bolup işledi.
Häzirki wagtda çenli daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiren Sergeý Aleýnikiň hem ýurduň Geňeşiniň agzasy wezipesine bellenendigi habar berildi.