28-nji iýunda Atlantada ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesine esasy dalaşgärler – häzirki Prezident Jozef Baýden bilen öňki Prezident Donald Trampyň arasynda teleçekişmäniň birinji tapgyry geçirildi. Bu ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek öňki we häzirki Prezidentleriň arasynda guralan saýlawdan öňki teleçekişmedir. Gyzgalaňly geçen çekişme 90 minut dowam etdi. Bu çäre ýurduň ykdysadyýetini ara alyp maslahatlaşmak bilen başlandy. Taraplar inflýasiýa, iş ýerleri we salgyt syýasaty barada pikir alyşdylar we prezidentlik döwründe syýasy karýerasyndaky esasy bärden gaýtmalary biri-birine ýaňzytdylar.
Bäsdeşler ykdysadyýetden başga-da, daşary syýasata-da degip geçdiler. Taraplaryň käbir meselelerde garaýyşlarynyň düýpgöter çapraz gelen halatlary boldy. Baýden Ýewropa bilen ýygjam gatnaşyklary saklamaga çagyrsa, Tramp başga ýoly ileri tutdy. Teleçekişme tamamlanandan soňra guralan pikir soralyşyklar taraplaryň deň derejede täsirli çykyş edendigini görkezdi, ýöne Trampyň pikirleriniň has ynandyryjy bolandygy aýan boldy. CNN-iň geçiren pikir soralyşyklarynda halk köpçüliginiň 33 göterimi Baýdeni, 67 göteriminiň bolsa, Trampy makullandygy belli boldy. Teleçekişmäniň ikinji tapgyry 10-njy sentýabrda ABC teleýaýlymynda geçiriler.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. Tramp, eýýam respublikaçylar tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenmegi üçin zerur bolan delegat seslerine eýe boldy. Ikinji möhlete dalaş edýän Baýden hem demokratik partiýa tarapyndan ýeterlik mukdarda delegatyň goldawyny aldy.