30-njy iýunda Fransiýada nobatdan daşary parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Saýlawlarda Marin Le Peniň we Žordana Bardellanyň “Milli bileleşik” partiýasy 33 göterimden gowrak ses bilen birinji tapgyrda ýeňiş gazandy. Ikinji orny 28 göterimden gowrak sese eýe bolan “Täze halk fronty” bileleşigi eýeleýär. Prezidentiň “Respublika üçin bilelikde” bileleşigi 22 göterimden gowrak ses alyp, üçünji orny eýeledi. Ses berişligiň birinji tapgyryna gatnaşyk ýokary derejede bolup, saýlawçylaryň 67 göterimi saýlaw uçastoklaryna ses bermäge geldiler. Fransuz metbugatynyň belleýşi ýaly, bu soňky onýyllykda iň ýokary görkezijileriň biridir.
“Milli bileleşigiň” ýolbaşçylary, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijelerinden soň fransuz parlamentiniň aşaky palatasynda absolýut köplüge eýe bolmaga bil baglaýarlar. Bu ýagdaý bolsa, partiýanyň başlygy Žordan Bardellanyň Premýer-ministr wezipesini eýelemegine mümkinçilik döreder.
Häzirki Premýer-ministr Gabriel Attal Prezident bileleşiginiň ikinji tapgyrdan 50-den gowrak dalaşgärini aýyrjakdygyny, olaryň üçünji orunda saklanmagynyň “Milli bileleşikden” deputat saýlanmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.
Fransuz parlamentiniň aşaky palatasy – Milli ýygnak Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlardan soň ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan ýatyryldy. Çünki Ýewropa parlamentiniň saýlawlarynda Marin Le Peniň hem-de Žordana Bardellanyň milli bileleşigi ep-esli ses bilen öňe saýlandy.
Çaklamalara görä, “Milli bileleşik” ikinji tapgyrdan soň parlamentde 260-dan 310 orna çenli, “Täze halk fronty” 115-den 145 orna çenli, “Respublika üçin bileleşik” 90-dan 120 orna çenli orun alyp biler. Şu wagta çenli hiç bir partiýa sesleriň aglaba köplügini gazanyp bilmedi we 7-nji iýulda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiji belli bolar.