“Earth Photo” halkara bäsleşiginiň emin agzalary 2024-nji ýylyň ýeňijilerini mälim etdiler. Zeminiň gözelliklerini ýüze çykarmaga we daşky gurşawyň meselelerine üns çekmäge gönükdirilen bäsleşik bu ýyl Žan-Mark Kaýminiň we Walentina Piççininiň “Tropicalia” taslamasyna serpaý ýapdy. Suratçylar sisiliýaly daýhanlaryň howanyň üýtgemegine neneňsi uýgunlaşýandygyny surata düşüripdirler. Ýeňijileriň hatarynda şanhaýly mekdep okuwçysy Reýmond Çžan bar. Onuň düşüren suratynda Hytaýyň baýyrlyklary göze ilýär.