Hytaýyň CATL kompaniýasy energiýa dykyzlygy 500 Wts/kg bolan batareýanyň işlenip düzülýändigini habar berýär. Bu tehnologiýa uçuş uzaklygy 3000 km çenli bolan elektrik uçarlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Kompaniýa täze batareýany ulanyp 4 tonnalyk uçary üstünlikli synagdan geçirdi. CATL sebit gatnawlaryna gönükdirilen 8 tonnalyk elektrik uçaryny 2028-nji ýyla çenli öndürmegi meýilleşdirýär. Ýokary howpsuzlyga we agramy azaltmaga gönükdirilen täze batareýa Hytaýyň uçar öndüriji kompaniýasy COMAC bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüli. Bu batareýa adaty litiý-ion batareýalardan has kämildir. Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hytaýa ekologiýa taýdan arassa awiasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berer. Muňa garamazdan, käbir bilermenler şeýle ýokary energiýa dykyzlygy bolan batareýalary ulanmagyň howpsuzlygy barada aladalanýarlar. Batareýa agram birligi üçin näçe köp energiýa sarp etse, termiki ýokarlanma meseleleriniň döremek ähtimallygy şonça-da ýokary bolar. CATL kompaniýasy häzirki wagtda dünýädäki elektroulag batareýalarylarynyň 37 göterimini öndürýär. CATL batareýalaryny awtoulag öndüriji kompaniýalaryň ählisi diýen ýaly, şol sanda “Ford” we “Tesla” kompaniýalary hem ulanýar.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy