Internetiň iň meşhur saýty “Google” ulanyjylaryna dürli hyzmatlary hödürleýär. Şolaryň arasynda onlaýn terjime hem bar. “Google terjime” hyzmatlaryna täze 110 dil goşuldy. Bu dilleriň arasynda 5 dil ural-altaý diller maşgalasyna degişli bolan türki dillerdir. Şeýlelikde çuwaşça, kyrym tatarçasy, başgyrça, tuwaça we ýakutça ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Şunuň bilen terjime hyzmatlaryna goşulan türki dilleriň sany 13-e ýetdi. Mundan öň “Google Translate” arkaly azerbaýjan, gazak, gyrgyz, tatar, türk, türkmen, özbek we uýgur dillerini terjime etdirip bolýardy. “Google” bu baradaky habarynda şu gezek häzire çenli iň köp diliň goşulandygyny belledi.
“Google Translate” 2008-nji ýylda hyzmata hödürlenipdi. 2016-njy ýyla çenli “Google” bir dili başga bir dile statistiki maşyn arkaly terjime edýärdi. 2016-njy ýylyň noýabryndan başlap, has kämil “Google newral maşyn terjimesi” (GNMT) atly usul arkaly terjime edilip başlandy. “Google” terjime babatda yzygiderli kämilleşýär. Şeýle hem “OpenAI”-niň işläp taýýarlan “ChatGPT” we “DeepL” ýaly emeli aňa esaslanýan programmalar hem terjime hyzmatlaryny hödürleýär.