Albaniýanyň statistika edarasy tarapyndan amala aşyrylan ilat ýazuwyna görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň sany 2011-nji ýyldan bäri 420 müň adam azalyp, 2,4 million bolupdyr. Ilatyň 50,4 göterimini zenanlar, 49,6 göterimini erkekler emele getirýär. Soňky 30 ýylda ilatyň demografiýasy diňe san taýdan däl, ynanç-ygtykat we etniki babatda hem üýtgäpdir. Ilat ýazuwy geçen ýylyň 18-nji sentýabryndan 15-nji noýabry aralygynda geçirilipdir. Statistika edarasynyň Baş müdiri Elsa Dhuli bu barada beren maglumatynda ýurtda 755 müň 950 maşgalanyň bardygyny habar berdi. Şeýlelikde her maşgala ortaça 3,2 agzadan durýar. Demografiýanyň üýtgemegine sosial-ykdysady ýagdaýlaryň sebäp bolandygy bellenildi. Berlen maglumata görä, ýurtda 2 million 186 müň 917 alban, 23 müň 485 grek, 2 müň 281 makedon, 511 montenegroly, 2 müň 459 ulah, 9 müň 813 rumyn, 12 müň 375 müsürli, 2 müň 963 bosniýaly, 584 serb, 7 müň 57 bolgar bar. Beýleki etniki-medeni toparlardan 3 müň 798, garyşyk etniki-medeni toparlardan 770, hiç bir millete degişli hasap edilmeýän 1142, jogap beresi gelmeýän 13 müň 507 ilat ýaşaýar. Ýurduň ýaşaýjylarynyň 134 müň 451-iniň milleti barada bolsa maglumat ýok.
Ynanç babatda aýdylanda bolsa, 1 million 101 müň 718 musulman, 115 müň 644 bekdaşy, 201 müň 530 katolik, 173 müň 645 ortodoks, 9 müň 658 protestan, 85 müň 311 ateist bar. Beýleki dini toparlara degişli 3 müň 670 adam ýaşaýan bolsa, 244 müň 331 adam dini ynanjy barada jogap bermedi. 332 müň 155 adam bolsa hiç bir kategoriýa girmeýän dini ynanja eýe. 134 müň 451 adamyň dini ynanjy barada maglumat tapylmady.
Ilatyň 31,6 göterimi paýtagt Tiranada, 10 göterimi Fieride, 9,7 göterimi Elbasanda ýaşaýar.