Ýylyň iň garaşylýan filmleriniň biri bolan “Inside Out 2” geçen aýyň ortasynda prokata çykdy. Kelsi Mannyň režissýorlyk eden (ilkinji režissýorlyk işi) animasiýasy bary-ýogy 19 günde dünýä ýüzündäki prokatlardan 1 milliard dollardan gowrak pul toplady. Multfilmiň gahrymanlaryna Emi Pouler, Filis Smit, Toni Heýl, Maýa Hawke dagy ses berýär. “Pixar” tarapyndan taýýarlanan film şu ýyl 1 milliard dollar sepgidinden geçen ilkinji film boldy. Animasiýa üçin 200 million dollar çykdajy edilipdi.
Mundan ozal bir milliard dollar sepgidine 10 animasiýa giripdi. Olaryň ählisini “Disney” taýýarlapdy.
2015-nji ýylda prokata goýberilen “Inside out” Oskar baýragyna mynasyp bolupdy.