Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda çärýek finalçylar belli bolmagyny dowam edýär. 1/8 finalyň çäginde geçirilen Fransiýa bilen Belgiýanyň arasyndaky oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymyňam soňky 5 minudynda hasap açylyp, Fransiýanyň ýygyndysy awtogolyň kömegi bilen çärýek finala adyny ýazdyrdy. Şol awtogol bolsa oýna 85-nji minutda hasaba alnyp, 62-nji minutda giren Kolo Muaniniň batly urgusynda top Ýan Wertongeniň aýagyna degip, derwezä girdi. Şunlukda, bu awtogol fransuzlaryň ýoluny dowam etdirmegi üçin ýeterlik boldy. Toparçalardaky 1-nji duşuşygynda-da awtogol bilen ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy çärýek finala çenli jemi 3 gol geçirdi. Şolaryň 2-si awtogol bolup, beýlekisini-de Mbappe penaltiden saldy. Şol bir wagtyň özünde bu gol çempionatdaky 9-njy awtogoldyr. Fransiýanyň ýygyndysy uly ýaryşlarda Belgiýa bilen geçiren 5-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Soňky 14 oýunda Fransiýany diňe 1 gezek ýeňen Belgiýa ýene bir uly ýaryşy ir tamamlady.