Kataryň paýtagty Dohada Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen guralýan Owganystana bagyşlanan üçünji maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşan owgan wekiliýeti ýurtlaryň birnäçesi tarapyndan Owganystanyň bank we ykdysadyýet ugurlaryndaky çäklendirmeleriniň ýatyrylyp bilinjekdigini wada berendigini aýtdy.
“Birnäçe ýurt Owganystanyň hususy pudagaklaryna goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdiler. Şeýle-de bank we ykdysadyýet ugurlaryndaky çäklendirmeleri aradan aýyrjakdygyny wada berdiler. Russiýa, Hytaý, Eýran, Pakistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, ABŞ ýaly ýurtlaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyza bolan garaýşy öwgä mynasyp” diýip, ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň spikeri Zabihullah Müjahid özüniň X jemgyýetçilik torundaky akkaundynda ýazdy.
Şeýle hem Zabihullah Müjahid Doha baran owgan wekiliýetiniň birnäçe ýurduň wekiliýetleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirendigini belledi.
Dohadaky maslahata 25-den gowrak ýurduň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar.