Wengriýanyň hökümet başlygy Wiktor Orban Ukrainanyň paýtagty Kiýewde saparda bolup, ýurduň ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy. Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerden soňra bilelikdäki metbugat ýygnagyny geçiren Orban Ukraina bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek isleýändiklerini, Ukrainanyň döwrebaplaşmagynda Wengriýanyň orun almak isleýändigini belledi. Ol has giňişleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ylalaşygyna hem gol çekmek isleýändiklerini belledi.
Öz gezeginde Wladimir Zelenskiý geçirilen gepleşikleriň iki ýurduň arasynda geljekde gol çekiljek ylalaşyga esas döredip biljekdigini aýtdy.