1837-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Patyşalykda dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy hereket edip başlaýar. Şol gün “Grand Junction Railway” kompaniýasy tarapyndan Birmingem bilen Liwerpulyň arasynda otly gatnawy ýola goýulýar. Şondan ýedi ýyl ozal, 1830-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Liwerpul bilen Mançesteriň aralygynda dünýäniň ilkinji şäherara demir ýol ugry açylýar. Uzynlygy 50 kilometr bolan bu demir ýol ugry başyndan soňuna çenli iki taraplaýyn polat ýoly bolan, otlynyň ugraýan wagty kesgitlenip, belli rejä görä hereket edýän, poçta hyzmatyny hödürleýän ilkinji demir ýol gatnawy bolýar. 1837-nji ýyldan başlap bolsa, bu iki şäheriň aralygyndaky gatnaw Worrington, Kru, Stafford we Wolwerhempton şäherleriniň üsti bilen Birmingeme çenli uzaldylýar. Birmingemdäki Kurzon strit stansiýasy bolsa, Birmindgem-Liwerpul demir ýolunyň soňky nokady bolup, soňlugy bilen bu stansiýadan beýleki şäherlere hem demir ýol gatnawy ýola goýulýar. 1838-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Londona ýolagçy gatnawy amala aşyrylyp başlanýar. Kurzon strit stansiýasy çatrykda ýerleşip, otly wagonlarynyň we ýolagçylary bir şäherden baga şähere gitmegine hyzmat edipdir. Wagonlary bugly lokomotiwler çekipdir.