«Hi-Tech Startup Türkmenistan 2024» bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy. Bu bäsleginiň guramaçylary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Oguzabat» hojalyk jemgyýetidir.
Bäsleşik ideýasyny ýokary tehnologiýa pudagynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrjak Startup ýa-da innowasion biznes ideýasyna öwürmek isleýän ýaşlary çagyrýar.
Saýlanan gatnaşyjylar tejribeli geňeşçilerden, tälimçilerden we üstünlikli telekeçilerden Startaplary nädip ösdürmelidigini öwrenmek mümkinçiliklerini alarlar. Maksatlary, wezipeleri, çeşmeleri kesgitlemek, önümi bazara uýgunlaşdyrmak ýaly taslamany durmuşa geçirmek meýilnamasyny nädip düzmelidigini öwrenerler. Maksatly diňleýjini kesgitlärler, derňew geçirerler we özboluşly satuw teklibini dörederler, bir Startapy ösdürip we ulaldyp, amallary optimizirlemegi hem-de onuň girdejiligini ýokarlandyrmagy öwrenerler.
Iň gowy Startaplaryň awtorlary «Hi-Tech Türkmenistan 2024» atly halkara forumda we sergide öz taslamalaryny maýadarlara we uly halkara kompaniýalarynyň wekillerine hödürläp bilerler.
Startap bäsleşigine gatnaşmak üçin 21-nji iýulda 16:00-a çenli degişli görnüşde hödürlenen nusgany doldurmaly.
Habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk:
Telefon belgi: +99361 185 333
Email: pr@hitech-turkmen.com, info@hitech-turkmen.com
Website: hitech-turkmen.com