ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň Merkezi Serkerdeliginiň aýdym-saz topary (AFCENT) Türkmenistana bäş günlük saparynyň çäklerinde 28-nji iýunda Aşgabat şäherine geldi. Saparyň dowamynda AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylýan bu saparyň dowamynda sazandalar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň orkestri bilen bilelikdäki aýdym-saz çäräsine hem gatnaşdylar.


Baş binasy Dohanyň golaýynda ýerleşýän AFCENT topary Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa boýunça syýahat edýär. Sazandalar jemgyýetçilik konsertlerinde, mekdep ýygnaklarynda, harby çärelerde, ABŞ-nyň ilçihanalarynyň we ilçileriniň diplomatik kabul edişliklerinde çykyş edýärler. Amerikan we halkara ýokary derejeli sazçylyk mekdeplerinde okan dünýä derejesindäki sazandalardan ybarat bolan AFCENT topary dürli diňleýjiler üçin çykyş edip, zehinlerini dürli aýdym-saz görnüşlerinde, şol sanda pop, rok, R&B, country, jaz žanrlarynda görkezmäge çalyşýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, parahatçylygy we düşünişmegi öňe sürmek, amerikan medeniýetini daşary ýurtly diňleýjiler bilen paýlaşmak, bütin dünýädäki adamlar bilen aragatnaşyk saklamak maksady bilen “saz diplomatiýasyny” alyp barýar. Şeýle hyzmatdaşlyklar medeniýetara alyş-çalyşda uly ähmiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tomaşaçylara dürli aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we beýleki sungatlardan lezzet almaga mümkinçilik berdi, amerikan we türkmen sungat işgärleri bolsa özara alyş-çalyş arkaly öz hünärlerini baýlaşdyrdylar.