Gündelik durmuşda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen aýtgyny köp eşidýänsiňiz. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulýan «adam bolmak» – kämillik, sypaýyçylyk, akýüreklilik hem edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine şu häsiýetlerdir.
Perzent terbiýesine biparh garamaly däldigi gadymdan bäri aýdylyp gelinýän pent. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp: «Çagalaryňyzy diňe şu döwür üçin däl, geljek zamanlary hem göz öňünde tutup terbiýeläň» diýer eken. Gysga hem bolsa, akyla muwapyk söz. Terbiýeçiler, mugallymlar, ene-atalar çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek arkaly olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp bermäge, bagta eltýän halal ýollary öwretmäge – geljege mynasyp taýýarlamaga borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize mälim. Ynsanlar geljege taýýarlykly bolmaly, taýýarlykly barmaly.
Aslynda ynsan çagasy ýagşy arzuwlar bilen dünýä inýär. Ýagşy arzuwda ýaşamak adamyň tebigatyna mahsus. Ýöne ýerden «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýilmeýär. Adam ömrüniň dowamynda edep alýar, okaýar, zähmet çekýär, maşgala gurýar, çagalaryny terbiýeleýär we olary durmuşa ugrukdyrýar. Ýokary ahlakly adam şu durmuş «duralgalarynyň» ählisinde hem ýagşy arzuwlara köňül berip ýaşaýar, diňe jemgyýete peýdaly işlere özüni bagyşlaýar.
Şahsyýet tarapyndan adam gatnaşyklarynda özüňi alyp barmagyň anyk ýüze çykmalaryna ahlak edebi ýa-da edeplilik diýilýär. Ahlaklylygyň we edepliligiň birnäçe görkezijileri bar. Ynsanyň edebi onuň ahlak kämilliginiň derejesine baglydyr. Şeýlelikde, edep ahlakdan gaýdýar. Edep kadalary ahlak kadalaryny durmuşa geçirmegiň mehanizmidir. Edepli ynsan ahlakly ynsandyr, ahlakly ynsan bolsa medeniýetli ynsandyr. Ahlaksyz ynsan welin, islendik ýagdaýda jemgyýetçilik tarapyndan edepsiz we medeniýetsiz hasaplanýandyr.
Türkmen jemgyýetiniň irki döwürlerinde hem edep kadalaryna möhüm ähmiýet berlipdir. Edep kadalary hem edil ahlak kadalary ýaly halkyň mentalitetine esaslanýar hem-de şondan gelip çykýar. Şoňa görä-de, türkmen edebi beýleki halklaryň edep kadalaryndan düýpli tapawutlanýar. Öz gezeginde edepliligiň ahlakdan gaýdýandygyny, ahlaklylygyň durmuşda ýüze çykmasynyň dereje görkezijisi hökmünde halkymyzyň ahlak kadalary bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hakykatdan-da erkli, çydamly, utanç-haýaly, ygrarly, pespäl, geçirimli, ugurtapyjy, öňdengörüji bolmak hem-de beýleki ahlak kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegi aslynda edeplilikden nyşandyr. Edep kadalarynyň talaplary doly we dogry berjaý edilende, her bir adam ýokary ahlakly hem medeniýetli şahsyýet hökmünde jemgyýetde uly abraý-mertebä eýe bolýar.
Şeýlelikde, gujur-gaýratly, talapkär şahsyýeti kemala getirmek üçin, jemgyýetde dürli derejelerde ahlak terbiýesi döwrebap guralan bolmaly, meýilnamalaýyn esasda üznüksiz amala aşyrylmaly. Mysal üçin, türkmenlerde ir döwürlerden bäri maşgalada maşgalabaşy tarapyndan öwüt-ündew işleri hemişe geçirilip durlupdyr.
Durmuşda edep kadalarynyň berjaý edilişi şahsyýetiň her bir hereketinden ýa-da edepsiz hereketden saklanmagyndan aýdyň görünýär. Özi-de erkek kişiniň we aýal maşgalanyň edebiniň öz tapawutly taraplary bolýar, şeýle hem şahsyýetiň ýaşyna baglylykda edebiň ýüze çykmasynyň öz häsiýetli aýratynlyklary bardyr. Aýdalyň, salamlaşmakda, märekede özüňi alyp barmakda, özüňden uly-kiçiler bilen gatnaşyklarda we ş.m. Görşümiz ýaly, durmuşda edeplilik adamyň hereketleriniň ýa-da olardan saklanmagynyň netijesinde ýüze çykýar.
Men-men diýip döşüne kakýan kişiniň durmuş ýolunda üýtgeşik gazanýan üstünligi, jemgyýetde bolsa üýşüp ýatan abraý-mertebesi ýokdur. Onuň tötänden ýetýän derejeleri hem gysga wagtlykdyr, ýagny soňsuzdyr. Ulumsy hem tekepbir adamyň durmuşda bar aladasy diňe özi bolýar, jemgyýete hem peýdasy ýetmeýär diýen ýaly. Çünki ol şahsy bähbitlerini elmydama jemgyýetiňkiden ýokarda goýýar. Şu zeýilli adamlar köpbilmişlige ýol berýärler, eden işlerini hem göwünli-göwünsiz edýärler, adatça, özlerini medeniýetsiz alyp barýarlar, edepleri-de pes bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň kämil ahlak keşbini kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň ylham çeşmesinden dörän, türkmen jemgyýetiniň dürli ugurlaryna bagyşlanan birnäçe ylmy-tejribe mazmunly eserleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ykballarymyza bagt nuruny çaýan, halkymyzy has-da eşretli günlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.