ABŞ-nyň elektron söwda pudagynda iş alyp barýan «Amazon» kompaniýasynyň bazar nyrhy ilkinji gezek 2 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, bölek söwda ägirdi «Microsoft», «Nvidia», «Apple» we «Alphabet» kompaniýalaryndan soňra iň gymmat bäşinji amerikan kompaniýasy boldy. «Amazon»-yň paýnamalarynyň bahasy 3,6 göterim ýokarlanyp, 193,04 dollara çykdy. Şeýlelikde, «Amazon»-yň bazar bahasy 2 trillion dollardan geçdi. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 26 göterim gymmatlady. «Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet»-iň bazar bahasy bolsa, şu ýylyň aprelinde şeýle sepgide ýetipdi.