Germaniýanyň «Volkswagen» topary ABŞ-nyň elektroulag öndürýän «Rivian» kompaniýasy bilen bilelikde 5 milliard dollarlyk hyzmatdaşlygy ýola goýar. Iki kompaniýanyň bilelikdäki beýanatynda ulaglaryň programma üpjünçilik tehnologiýasyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etjekdigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň global derejede innowasiýany ösdürip, her ulagyň özüne düşýän bahasynyň arzanladylmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, bu hyzmatdaşlygyň netijesinde öndüriljek has arzan we kiçi göwrümli «R2» we «R3» ulaglary 2026-njy ýylyň başynda satuwa çykarylar.