4-nji iýulda Beýik Britaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda Zähmet partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanandygy belli boldy. Şeýlelikde, Zähmet partiýasynyň Lideri Kir Starmer ýurduň indiki Premýer-ministri bolar. Starmeriň saýlaw okruglarynda ýeňiş gazanyp, parlamentden ep-esli orun aljakdygy belli bolandan soň, Zähmet partiýasynyň lideri saýlawçylaryň “özgerişliklere taýýardyklaryny” aýtdy.
Riçmond we Nortallerton ýaly saýlaw okruglarynda gaýtadan saýlanan häzirki Premýer-ministr Rişi Sunak konserwatiw partiýanyň ýeňlişiniň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny aýtdy.
-Britaniýanyň halky şu gün özüniň erk-eradasyny mälim etdi, onda öwrenere zat köp. Şoňa görä, men bu şowsuzlygyň jogapkärçiligini öz üstüme alýaryn – diýip, Sunak belledi.
Şeýlelikde, Zähmet partiýasy 650 orunlyk parlamentde 410 orun bilen absalýut köplüge eýe bolýar. Konserwatorlar bolsa, bary-ýogy 131 orny eýeläp, bu görkeziji konserwatorlaryň iki asyrlyk taryhynda iň pes netijedir. Çünki olaryň öňki parlamentde 345 wekili bardy.
Liberal demokratlar 61 orun, Naýjel Farajyň “Reforma” partiýasy 13 orun, Şotlandiýanyň milli partiýasy 10 orun, Uelsiň milli partiýasy 4 orun, “Ýaşyllar” partiýasy 2 orna eýe boldy. Bu syýasy çärä ýurduň Ýewropa Bileleşiginden çykandan soň geçirilýän ilkinji ählumumy saýlawlardyr. Saýlawlaryň netijeleri gutarnykly jemlenenden soň, Ýurduň Koroly Karl III ýeňiş gazanan Starmere hökümet gurmagy tabşyrar we Zähmet partiýasy 14 ýyldan soň häkimiýete gaýdyp geler.