Şu gün Eýranda säher bilen möhletinden öň geçirilýän Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Indi ýurduň raýatlary iki dalaşgäriň haýsy hem bolsa birine – ses berişligiň birinji tapgyrynyň liderleri, reformaçy Masud Pezeşkiýana ýa-da onuň bäsdeşi, birinji tapgyrda, takmynan, bir million az ses alan konserwator ganatyň wekili Said Jalilä ses berip, ýurduň indiki Prezidentini saýlarlar.
Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry bir hepde öň, 28-nji iýunda geçirilipdi. Şol gün saýlawçylaryň gatnaşygy 40 göterim töweregi boldy. Saýlawlardan soň, Eýranyň 482 sebitindäki 58 müňden gowrak saýlaw uçastogynda berlen 24,5 million ses sanalandan soň, iki dalaşgär has köp sese eýe bolup, ikinji tapgyra çykmaga mümkinçilik alandygy belli boldy.
Prezident Ebrahim Raisi 19-njy maýda Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky dikuçar heläkçiliginde aradan çykandan soň, Respublikan häkimiýetleri Konstitusiýa laýyklykda, ýurtda täze Prezident saýlawlaryny mälim etdi.