Saud Arabystanyň Energetika ministri şazada Abdulaziz bin Salman ýurduň gündogar welaýatynda we Rub al-Hali sährasynda ýedi sany täze nebit we gaz gorunyň ýüze çykarylandygyny habar berdi.
Ministriň aýtmagyna görä, milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” iki slanes nebit ýatagyny we bir adaty nebit ýatagyny, şeýle hem iki gaz ýatagyny we iki gaz formasiýasyny ýüze çykardy.
-Açyşlar üç nebit we üç gaz guýusynyň burawlanmagy netijesinde ýüze çykaryldy – diýip, ministr belledi.
Bu açyş Saud Arabystany dünýäniň iň uly nebit eksportçysy hökmünde ornuny has-da berkider. Häzirki wagtda ýurtda nebitiň çykarylyşy gündelik 10 million barrele, eksporty bolsa, her gün 7 million barrele barabar.