Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda ýarym finalçylaryň ählisi hem belli boldy. Angliýa bilen Niderlandlaryň ýygyndylary ýarym finala çykan soňky 2 topar bolup, olar finala çykmak üçin özara göreşerler.
1-nji ýarymy golsuz geçen Angliýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylarynyň oýnunda gollaryň 2-si hem soňky 10 minutda derwezä girizildi. Duşuşygyň 75-nji minutynda Şweýsariýanyň ýygyndysy Bril Embolonyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne olaryň üstünligi uzak dowam etmedi. 5 minutdan soň, has takygy, 80-nji minutda Bukaýo Saka hasaby deňledi. Şondan soň taraplaryň ikisine-de hasaby üýtgetmek başartmady. Bu ýagdaý goşmaça 30 minutda şeýle boldy. Netijede, ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli edildi. Bu urgularda-da iňlisler ýeke ýalňyşlyk hem goýbermedi we 5-3 hasabynda üstün çykyp, bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek ýarym finalçy boldy. Duşuşyk Angliýanyň tälimçisi Garet Sautgeýtiň milli ýygyndydaky 100-nji oýny hökmünde hasaba alyndy (60 ýeňiş, 24 deňlik, 16 ýeňliş).