Çärýek finalyň soňky duşuşygynda-da Berlinde Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda türkler ilkinji bolup hasaby açdylar. Duşuşygyň 35-nji minutynda Samet Akaýdyn Türkiýäniň ýygyndysyny öňe saýlady. Duşuşygyň 1-nji ýarymy şol hasap bilenem tamamlandy. 2-nji ýarymda niderlandlar has erjel oýun görkezdi. 70-nji minutda Stefen de Wreý hasaby deňledi. Bu goldan 6 minutdan soňam Mert Müldür topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Niderlandlaryň ýygyndysy 20 ýyldan soň, umumylykda 5-nji gezek ýarym finala çykdy. Niderlandlaryň ýygyndysy ýarym finalda Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 10-njy iýulda Dortmund şäherinde oýnalar.