Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Germaniýa “Gran Prisinde” “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýeňiji boldy. Ol ýurduň Saksoniýa welaýatyndaky Zaksenring trassasynda geçirilen ýaryşda 30 aýlawy 40 minut 40,063 sekuntda tamamlap, bassyr 4-nji, möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 24-nji ýeňşini gazandy. “Ducati Gresini Racing” toparynyň ispan sürüjileri – doganlar Mark Markes 2-nji, Aleks Markes 3-nji orny eýeledi. Mark ýeňijiden 3,804 sekunt, Aleks 4,334 sekunt yza galdy.
Germaniýa “Gran Prisiniň” çäginde geçirilen sprint bäsleşiginde ispaniýaly Horge Martin (“Ducati Prima Pramac”) 1-nji, portugaliýaly Migel Oliweira (“Aprilia Trackhouse”) 2-nji, Françesko Banai 3-nji orna mynasyp boldy.
Germaniýa Gran Prisinden soň Françesko Banai utugyny 222-ä çykaryp, birinji orna beýgeldi. Ondan 10 utugy az bolan Horge Martin 2-nji orna düşdi. 3-nji basgançakdaky Mark Markesiň 166 utugy bar.
Moto GP-de möwsümiň 10-njy ýaryşy 4-nji awgustda Beýik Britaniýanyň Silwerstoun şäherçesinde geçiriler.