Şu gije Germaniýada geçirilýän futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolýar. Münhen şäherindäki “Allianz Arenada” oýnaljak 1-nji ýarym final duşuşygynda 3 çempionlygy bolan Ispaniýa bilen 2 çempionlygy bolan Fransiýanyň ýygyndylary duşuşar. 00:00-da başlanjak oýna sloweniýaly Slawko Winçiç eminlik eder. Duşuşykda ispanlaryň 2 goragçysy Dani Karwahal bilen Robin Le Norman jerimeli we ikisiniň hem toparyna kömegi degmez. Fransiýada jerimeli oýunçy ýok. Duşuşygyň faworiti bolman, belki käbir bilermenlere görä, ispanlar bir basgançak öňde hasaplanýar. Şu iki toparyň haýsysy finala çyksa-da, çempion boljak topar diýlip çaklanylýar.

Iki topar mundan öň 36 gezek özara duşuşyk geçirdi. Şolaryň 16-synda Ispaniýa ýeňiş gazansa, 13 oýunda fransuzlar meýdançany ýeňiş bilen terk etdiler. Iki toparyň arasyndaky 7 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Ispanlaryň 64 goluna fransuzlar 39 gol bilen jogap berdi.

Ispaniýa bilen Fransiýanyň ýygyndylary Ýewropanyň çempionatynda 5-nji gezek garşylaşarlar. Yklym ýaryşynda olaryň arasyndaky duşuşyklar 1984-nji ýyldaky final bilen başlady. Şol finalda Fransiýa Platini (57) hem-de Belloneniň (90) gollary bilen 2-0 ýeňip, ilkinji çempionlygyny gazanypdy. 1996-njy ýylda toparçalardaky oýun 1-1 hasabynda tamamlanyp (Kaminero 85 – Jorkaýeff 48), ýeňiş gazanan bolmandy. 2000-nji we 2012-nji ýyllarda bolsa çärýek finalda duşuşan toparlaryň 1-nji oýnunda Fransiýa Mendietanyň goluna Zidan hem-de Jorkaýeffiň gollary bilen jogap berip 2-1 ýeňipdi we soňunda çempionlyk gazanypdy. 2012-nji ýylda bolsa Ispaniýa Habi Alonsonyň geçiren 2 goly bilen 2-0 ýeňip, şol ýyl 3-nji gezek Ýewropanyň çempiony diýen ady eýeläpdi.

Duşuşyga degişlilikde, Ispaniýanyň tälimçisi De La Fuentanyň hem-de Fransiýanyň tälimçisi Didie Deşamyň toparlaryny şu düzümde meýdança çykarmagyna garaşylýar:

Ispaniýa: Unaý Simon – Nawas, Naço, Laport, Kukurelýa – Olmo, Rodri, Fabian Ruiz – Ýamal, Morata, Williams

Fransiýa: Menýan – Kunde, Saliba, Upamekano, Hernandes – Kante, Tçuameni, Kamawinga, Grizmann – Dembele, Mbappe